Garaşsyzlyk döwründe ylym-bilim ugrunda täze öwrülişikler ýüze çykdy. Şeýlelikde, edebiýaty ӧwreniş ylmynyň geçen taryhy hem-de bu günki ösüş tendentsiýalaryny, häsiýetlerini bu günki ylmyň nukdaý nazaryndan öwrenmek derwaýys meseleleriň biridir. Şonuň üçin bu okuw gollanmada türkmen edebiýatynyň gadymy ösüş taryhy, edebiýatşynaslyk ylmynyň irki döwürleri, edebiýatşynaslyk we edebi syn meseleleri, klassyk şahyrlaryň döredijiliginiň öwrenilişi, XX asyr türkmen edebiýatşynaslygynyň ösüş taryhy, Garaşsyzlyk döwri türkmen edebiýaty öwreniş ylmy we başga-da edebiýatyň derwaýys meseleleri barlag edilýär. Bu barlaglar rus, özbek, garagalpak, türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda ýüze çykan ylmy barlaglary deňeşdirme görnüşde alyp barylýar.