Türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan baý edebi mirasy bar. Atalarymyzyň bize ýadygärlik galdyran bu baý edebi mirasynda türkmeniň milli pelsepesi – dünýä, adamzat, Watan, ýurt, döwlet, azat-erkin durmuş, bagtyýar ýaşaýyş we onuň gözelligi, ynsan we onuň mertebesi, nesil, ynsan ahlagy we söýgi baradaky oýlanmalar jemlenipdir.