Ene dilimiz gadymy edebi dilleriň biridir.
Häzirki edebi dilimiz türkmen umumyhalk diliniň müňýyllyklaryň
dowamynda söz ussatlary tarapyndan timarlanyp, orfoepik, orfografik, leksik,
grammatik taýdan normalaşan, köp stilli, ösen milli edebi dildir. Onuň
jemgyýetçilik hyzmaty günsaýyn giňelip barýar.