Gollanmadan эokary okuw jaэlarynyň filologiэa fakultetiniň talyplary,
эцrite orta mekdepleriň okuwзylary, mekdep mugallymlary, Magtymgulynyň
dцredijiligi bilen iзgin gyzyklanэan giň okyjylar kцpзьligi peэdalanyp biler.
Klassyklarymyzyň ýaşap geçen anyk senesi barada dokumental
materiallar galmandyr. Şonuň üçin olaryň doglan we aradan çykan senesi
takmynan alynýar. Mundan başga-da biziň klassyklarymyzdan öz elleri bilen
ýazan golýazmalar galmandyr. Olaryň goşgularynyň köpçüligi halk
tarapyndan ýatdan aýdylyp gelnipdir. Olar ýazga geçirilende-de halk dilinden
ýazylyp alnypdyr. Halk tarapyndan bir şahyryň goşgusynyň başga bir şahyryň
adyna berlip giden halatlary, ýa-da bir goşgynyň dürli wariantlarynyň dödän
halatlary seýrek bolmandyr. Şol goşgularyň hakyky awtoryny, goşgynyň
original wariantyny anyklamak meselesi iň kyn we çylşyrymly mesele bolup
durýar. Muňa awtorlyk hukugy meselesi diýilýär.
Şu wagta çenli biziň edebiýaty öwreniş ylmymyz Magtymguly we onuň
döredijiligi barada köp işleri amala aşyrdy. Dürli edebiýatçy, taryhçy we
beýleki ugurlaryň alymlary tarapyndan Magtymguly, onuň döredijiligi,
maşgala durmuşy, ýaşan ýaşy, döwri we ş. m. barada köp-köp ylmy işler
ýazyldy. Magtymguly barada çeper eserleriň hem birnäçesi ýazyldy, kino
sungatymyzda-da Magtymgulynyň obrazy birnäçe gezek janlandyryldy.
Emma bu işler, ylmy derňewler birtaraplaýyn häsiýete eýe boldy. Sebäbi bu
döwürde ylym hem, çeper döredijilik hem ideologiýanyň berk galypyna
salyndy. Bu bolsa biziň edebiýatçylarymyza, ýazyjy-şahyrlarymyza
Magtymgulunyň hakyky keşbini, onuň döredijilik dünýäsini doly we dogry
açyp görkezmäge mümkinçilik bermedi. Netijede, Magtymguly ỳer urup,
ỳerde galan «garyp» we baryp ýatan «ateist» boldy.